Gazagystan öz sanly pul birligini dolanyşyga goýbermegiň mümkinçiligini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan öz sanly pul birligini dolanyşyga goýbermegiň mümkinçiligini öwrenýär
Gazagystanyň Milli banky synag taslamasy hökmünde sanly teňňe baradaky hasabaty neşir etdi. (Surat: “bnews.kz”)

Gazagystan täze pul birligi bolan sanly teňňäni dolanyşyga goýbermegi meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Milli bankynyň resmi saýtynda habar berildi.

Gazagystanyň Milli banky synag taslamasy hökmünde sanly teňňe baradaky hasabaty çarşenbe güni köpçülige ara alyp maslahatlaşmak üçin neşir etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze pul birligi Gazagystanyň Milli banky tarapyndan çykarylar we ähli ykdysady taraplara tölegler we hasaplaşyklar üçin elýeterli bolar.

Bank sanly teňňäniň nagt ýa-da nagt däl pullaryň dolanyşykda ýerini tutmak üçin däl, eýsem olar bilen birlikde ulanmak üçin niýetlenendigini aýtdy.

Merkezi bank häzirki wagtda sanly pul birliginiň peýdalary we töwekgelçilikleri, olaryň çykarylyşy we paýlanyş usuly, ulanylýan tehnologiýasy, pul-karz syýasatyna bolan täsiri, maliýe durnuklylygy we töleg hyzmatlary barada giňişleýin gözleg işlerini alyp barýar.

Gazagystanyň Milli banky sanly teňňäniň girizilmegi nagt töleglere bolan garaşlylygyň azalmagyna garaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022