Türkmenistanda 982 ýerli we 53 daşary ýurtly raýatlar tussaglykdan boşadylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 982 ýerli we 53 daşary ýurtly raýatlar tussaglykdan boşadylýar
Türkmenistanda iş kesilenler mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli tussaglykdan boşadylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda iş kesilen 982 sany raýatymyzyň hem-de 53 sany daşary ýurtly raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çary Amanowa ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem, Milli Liderimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen raýatlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen raýatlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Türkmenistana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022