Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigi şu ýylyň ýawar-aprel umumy bahasy 14 million 918 müň 519 manada deň bolan önüm öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, şol döwürde nah ýüplük önümleriniň 10 million 151 müň 179 manatlygy eksporta ugradyldy. Kompaniýanyň önümlerine Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlarda uly isleg bildirilýär.
Bu ýerde dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň bäş görnüşi öndürilýär. Fabrigiň işçileri ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde geçen ýyllarda baý iş tejribesini topladylar. Yhlasly we tutanýerli zähmetiň netijesi bolan önümlere dünýä meşhur kompaniýalaryň birnäçesi uly isleg bildirýärler.
Halajyň nah-ýüplük egriji fabrigi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda barha ösýän islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň biridir.