FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary 11 aýlap yzygiderli ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary 11 aýlap yzygiderli ýokarlandy
FAO-nyň azyk önüm baha indeksi aprel aýynda mart aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 1,7% ýokarlandy.

Bütindünýä azyk önümleriniň bahalary aprel aýynda, ýagny yzygiderli 11 aý bäri ýokarlanyp gelýär. Esasanam şekeriň, azyk ýaglarynyň, etiň, süýt we galla önümleriniň bahalary ýokarlandy. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) resmi internet sahypasynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, FAO-nyň azyk önüm baha indeksi aprel aýynda ortaça 120,9 bala barabar bolup, mart aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 1,7% ýa-da 2 bal ýokarlandy. Bu inkeks bütindünýä esasy söwda edilýän azyk önümleriniň bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alyp, onuň görkezijisi 2014-nji ýylyň maý aýyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi we nominal taýdan 2011-nji ýylyň fewral aýynda hasaba alnan iň ýokary derejeden 12% pesdir.

Bu indeks geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,4 bal ýa-da 30,8% ýokarlandy.

Azyk önümleriniň arasynda şekeriň bahasy aprel aýynda iň ýokary ösüş görkezip, 3,9% artdy. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 60% ýokarydyr.

Soýanyň, rapsi çigidiniň we palma ýagynyň bahasynyň galmagy esasynda FAO-nyň ösümlik ýagynyň bahasynyň indeksi aprel aýynda 1.8% ýokarlandy.

Mart aýy bilen deňeşdirilende geçen aý 1,7% artan etiň bahasy 7 aýlap yzygiderli ýokarlanyp gelýär.

Süýt we galla önümleriniň bahalarynyň indeksleri aprel aýynda 1,2% ýokarlandy.

2022