“Türkmen-Mahabat” täze gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen-Mahabat” täze gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ýola goýdy
Kompaniýa ultra-melewşe çyraly uly göwrümli çap ediji enjamlaryň kömegi bilen freskalary öndürýär.

“Türkmen-Mahabat” hususy kärhanasy diwarda surat çekmegiň we ýaşaýyş hem-de jemgyýetçilik binalarynyň içki bezegi üçin niýetlenen suwagy öndürmegiň senagat tehnologiýalaryny özleşdirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ozal taýýar freskalar daşary ýurtlardan, esasanam Russiýada satyn alynýardy. Häzirki wagtda olaryň önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde “Türkmen-Mahabat” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Kompaniýanyň önümçilik ammary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Bu ýerde ultra-melewşe çyraly (UMÇ) uly göwrümli çap ediji enjamlaryň kömegi bilen senagat freskalar öndürilýär. UMÇ çap ediji enjamlar suw esasly boýaglar bilen çyg gipsde programma tarapyndan görkezilen islendik nagşy çyzýarlar. Taýýar freska top edilip togalanýar we akril ýelim bilen diwara ýa-da potologa berkidilýär.

Mundan başga-da, kompaniýanyň hünärmenleri bezeg suwagyny öndürmek üçin italýan we nemes tehnologiýalaryny özleşdirdiler. Bu suwag akril we mermer tozy goşundylar esasynda ýasalýar, olar bolsa materialy berk we çydamly edýär. Örtükleriň relýef we dürli gurluşy ýörite “Wenisianka” guralynyň ulanylmagy arkaly gazanylýar.

“Türkmen-Mahabat” hususy kärhanasy paýtagtymyzdaky binalary bezemek üçin 12 müň inedördül metr mozaika bezeg daşlaryny öndüripdi.

Türkmen nakgaşlarynyň taýýarlan nusgalaryna laýyklykda Magtymguly şaýolunyň ugrundaky belent ýaşaýyş jaýlarynyň gapdal bölek diwarlarynda reňkli aýnanyň böleklerinden 32 sany monumental kompozisiýa ýasaldy.

Häzirki wagtda kärhananyň ussalary “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkeziniň ýerzemin gatyny çeper paneller we bezeg gipsleri bilen bezeýärler. Mundan başga-da, geljekde Daşoguz şäheriniň merkezindäki bäş sany täze ýaşaýyş jaýlaryny çeper freskalar bilen bezemek meýilleşdirýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022