Hytaý kompaniýalary polipropileniň eksportyny takmynan 7 esse artdyrdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý kompaniýalary polipropileniň eksportyny takmynan 7 esse artdyrdylar
2021-nji ýylda umumy kuwwaty 5 million tonna barabar bolan PP önümçiligi üçin täze zawodlaryň işe girizilmegine garaşylýar. (Surat: “China Daily”)

Hytaý kompaniýalary şu ýylyň mart aýynda polipropileniň (PP) eksportyny 257 müň 100 tonna çenli ýokarlandyrdylar. Bu bolsa 2018-2020-nji ýyllar aralygyndaky üpjünçiligiň mukdaryndan takmynan 7 esse ýokarydyr. Bu barada “Argus Media” baha kesiji gullugyna salgylanyp, “Plastinfo.ru” saýtynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ugurdaky ösüş Hytaýda önümçilik kuwwatynyň ep-esli ýokarlanmagy, şeýle hem daşary ýurt bazarlarynda PP-niň ýetmezçiligi ýagdaýynda arbitražyň açylmagy sebäpli emele geldi.

2020-nji ýylda PP öndürmek üçin umumy kuwwaty ýylda 3 million 800 tonna barabar bolan täze zawodlaryň işe girizilmegi Hytaýyň birinji çärýekde importa garaşlylygynyň 15%-e çenli azalmagyna getirdi.

Şu ýyl umumy kuwwaty 5 million tonna barabar bolan PP önümçiligi üçin täze zawodlaryň işe girizilmegine garaşylýar. Bu bolsa Hytaýa eksport bazaryndaky ornuny uzak möhletleýin berkitmäge mümkinçilik berer.

ABŞ-nyň Tehas ştatynda fewral aýynda meýilleşdirilmedik zawodlaryň ýapylmagy sebäpli dünýä bazarynda PP-niň ýetmezçiligi bahalaryň ýokarlanmagyna we PP-niň Hytaýdan eksport edilmegi üçin arbitražyň açylmagyna sebäp boldy. Netijede, mart aýynda Hytaýdan 43 müň 900 tonna Hindistana, 35 müň 900 tonna Türkiýä, 31 müň 500 tonna Wýetnama, 23 müň tonna Pakistana we 15 müň 600 tonna Braziliýa iberildi.

2022