Türkmenistan bilen Tatarystan söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagy ylalaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Tatarystan söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagy ylalaşdy
Minnihanow Tatarystanyň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi. (Surat: Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň  Prezidenti Rustam Minnihanow duşenbe güni Aşgabatda duşuşdylar we ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagy ylalaşdylar.

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky türkmen tarapy bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk Minnihanowyň Aşgabada amala aşyrýan iş saparynyň çäginde gurnaldy. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “KAMAZ” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýändigini belläp geçdi. Tatarystanyň Prezidenti hem öz gezeginde “KAMAZ” kompaniýasynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň, şol sanda elektrik awtobuslar boýunça ýol kartasyny taýýarlandygyny beýan etdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti maglumat tehnologiýalary pudagynda Tatarystan bilen hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekdi.

“Geljek hepde biz akylly şäheriň (smart city) düýbüni tutarys. Biz administratiw dolandyryş, hyzmatlar, ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary we ş.m ugurlarda sanlaşdyrmak boýunça siziň toplan tejribäňiz bilen gyzyklanýarys"diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, Minnihanow Tatarystanyň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 107 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Tatarystan esasan gury ýer ulaglary, rezin we tehniki enjamlary eksport etdi. Türkmenistan Tatarystan Respublikasyna esasan plastmassa we plastmassa önümlerini hem-de gök önümlerini eksport etdi.

2022