Daşary ýurtda berlen sertifikatlar Türkmenistanda nähili ykrar edilýär?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtda berlen sertifikatlar Türkmenistanda nähili ykrar edilýär?
Türkmenistanyň çäginden daşarda alnan resminamalar Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär.

“Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, daşary ýurt döwletleri tarapyndan berlen sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalaryň ykrar edilmegi aşakdaky görnüşde ýerine ýetirilýär:

  • Önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan, Türkmenistanyň çäginden daşarda alnan resminamalar Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär.
  • Halkara şertnamasy bolmadyk ýagdaýynda, önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalaryň ykrar edilmegi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  • Getirilýän önümler üçin ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alnan sertifikatlaşdyrmak boýunça Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalar bolmadyk halatynda, şeýle hem laýyklyk sertifikatlarynyň özara ykrar edilmegi hakynda ikitaraplaýyn halkara şertnamasy baglaşylmadyk bolsa, sertifikatlaşdyrmak maksady bilen öndürijiden ýa-da daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasyndan önümleriň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalaryň ykrar edilmegine we ulanylmagyna ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde rugsat berilýär.

Sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar işiň anyk görnüşlerine ýa-da olaryň netijelerine degişli düzgünleri, talaplary, umumy ýörelgeleri, häsiýetnamalary özünde jemleýän we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan bellige alnan kadalaşdyryjy resminamalardyr.

Çeşme: “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny