Türkmenistan we Gazagystan söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar
Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygynyň takyk taslamalary boýunça gepleşikleriň geçirilmegi üçin iki ýurduň wekiliýetleriniň özara resmi iş saparlarynyň amala aşyrylmagy babatynda ylalaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda taraplar söwda gatnaşyklarynyň anyk ugurlaryny we görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşigiň dowamynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan hyzmatdaşlygyň giň gerimleri boýunça iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy ugrunda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň takyk taslamalary boýunça gepleşikleriň geçirilmegi üçin iki ýurduň wekiliýetleriniň özara resmi iş saparlarynyň amala aşyrylmagy babatynda ylalaşdylar. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar hökümetara derejedäki gatnaşyklaryň derwaýyslygyny nygtamak bilen, onuň yzygiderli alnyp barylmagyna taýýardyklaryny mälim etdiler.

2022