2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýä söwdasy 10% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýä söwdasy 10% ýokarlandy
Gündogar Aziýa ýurtlarynyň eksportynyň artmagy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýä söwdasynyň has çalt dikelmeginiň esasy sebäbi boldy. (Surat: BMG)

COVID-19 pandemiýasy sebäpli dörän çökgünlikden soň global söwda dolanyşygynyň möçberi 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% ýokarlanyp, rekord derejä ýetdi. Bu barada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) çarşenbe güni çap eden hasabatynda habar berilýär.

ÝUNKTAD-yň hasabatyna görä, Gündogar Aziýa ýurtlarynyň eksportynyň artmagy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýä söwdasynyň has çalt dikelmeginiň esasy sebäbi boldy. Bu ýurtlar pandemiýany çalt ýeňip, COVID-19 bilen bagly harytlaryň önümçiliginden girdeji gazandylar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Hytaýyň, Hindistanyň  we Günorta Afrikanyň söwdasy beýleki iri ykdysadyýetli ýurtlara garanyňda has ýokary depginde ösdi.

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde haryt söwdasynyň möçberi pandemiýadan öňki ýagdaýa garanyňda has ýokary boldy, emma hyzmatlar pudagynyň görkezijileri pandemiýadan öňki döwrüň görkezijilerinden pesdir. Şeýle hem, şu ýylyň birinji çärýeginde COVID-19 bilen baglanyşykly önümleriň global söwdasy ýokary derejede galmagyna dowam etdirýär.

Dünýä söwdasynyň dikelmegi 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde hem dowam edip, harytlar we hyzmatlar boýunça dünýä söwdasynyň 6.6 trillion ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar. Bu görkeziji 2020-nji ýyldaky söwdanyň iň pes ýagdaýyndan takmynan 31% we 2019-njy ýyldaky (pandemiýadan öňki döwür) derejeden takmynan 3% ýokarydyr.

Söwda dolanyşygynyň Gündogar Aziýada we ösen ýurtlarda beýleki döwletlere garanyňda has güýçli depginde ösmegine garaşylýar.

2022