Türkmen alymlary buýanyň galyndylaryndan işjeňleşdirilen kömür taýýarlamagy teklip etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlary buýanyň galyndylaryndan işjeňleşdirilen kömür taýýarlamagy teklip etdiler
Buýanyň galyndylaryndan öndürilen işjeňleşdirilen kömür lukmançylyk, himiýa, derman we azyk senagaty pudaklarynda giňden ulanylyp bilner.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary buýanyň galyndylaryndan işjeňleşdirilen kömür öndürmegiň täze usulyny işläp taýýarlamagy teklip etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ylmy iş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan patentlenildi.

Lebap welaýatyndaky “Buýan” oba senagat toplumynda buýanyň köki gaýtadan işlenenden soňra galýan galyndylaryň gaýtadan işlenilişiniň esasy usullary ekin meýdanlarynda dökün hökmünde ulanmakdan ýa-da ýakmakdan ybaratdyr.

Şeýle-de Himiýa institutynyň alymlary işjeňleşdirilen kömüriň daşary ýurtlardan getirilmegini azaldyp, ony ýerli çig mallardan ýurdumyzda öndürmäge mümkinçilik berjek tehnologiýany teklip etdiler.

Buýanyň galyndylaryndan öndürilen işjeňleşdirilen kömür lukmançylyk, himiýa, derman we azyk senagaty pudaklarynda giňden ulanylyp bilner.

2022