"Google" Nýu-Ýorkda ilkinji dükanyny açar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Google" Nýu-Ýorkda ilkinji dükanyny açar
Dükanda kompaniýanyň önümleri satylar hem-de olary abatlamak boýunça hyzmatlar hödürlener.

Şu ýylyň tomsunda “Google” Nýu-Ýorkda özüniň ilkinji bölekleýin dükanyny açar. Bu barada Russiýanyň “Interfaks” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, dükanda kompaniýanyň önümleri, ýagny, “Pixel” smartfonlary, “Nest” akylly termostatlar, “Fitbit” sagatlary we bilezikleri satylar.

Şeýle hem, bu dükanda “Google”-yň enjamlaryny ulanmak boýunça seminarlar geçiriler hem-de olary abatlamak boýunça hyzmatlar hödürlener.

Soňky 20 ýylyň dowamynda “Google” Nýu-Ýorkda işlemegini dowam etdirip gelýär we dükanymyzyň bu ýerde açylmagy uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygymyza ygrarlylygymyzyň alamatydyr diyip, kompaniýanyň wise-prezidenti Jeýson Rozental öz “Google” blogunda belledi.

Mundan ozal “Google” ABŞ-da wagtlaýyn söwda nokatlaryny açypdy. Nýu-Ýorkdaky täze dükan bolsa kompaniýanyň ilkinji hemişelik söwda nokady bolar.