Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny tassyklady
Olýa porty, Astrahan, Russiýa

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen 2021–2023-nji ýyllar üçin Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bu taslamanyň taýýarlanylyşy boýunça hasabat berdi.

Bu resminamada özara söwdanyň haryt dolanyşygyny giňeltmegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlary gurşalyp alyndy. Senagat, energetika, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy we maliýe pudagy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany makullap, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

2022