2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) 158,4 müň tonnadan gowrak nebit önümleri öndürilip, bellenilen meýilnama 105,4% ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetinde çarşenbe güni habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, öndürilen nebit önümleriniň umumy mukdarynyň 76,4 müň tonnasyny benzin, 47,3 müň tonnasyny dizel ýangyjy, 11,5 müň tonnadan gowragyny ýol bitumy we 12,7 müň tonnasyny wakuum gaz ýagy eýeleýär.
Geçen döwürde kärhana gaýtadan işlemek üçin 150 müň tonnadan gowrak çig maly getirildi. Olaryň 98,2 müň tonnadan gowragy gaz kondensaty bolup durýar. Çig mallar “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirliginden getirilýär.
SNGIZ ýylda 6 million tonna nebiti gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir. 2015-nji ýylda zawodyň düzüminde ýyllyk kuwwaty 37,2 müň tonna bolan ýol bitumyny öndürmäge ukyply desga guruldy.