“Gazprom” sowuk gyş sebäpli gaz önümçiligini 11,7% ýokarlandyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gazprom” sowuk gyş sebäpli gaz önümçiligini 11,7% ýokarlandyrmakçy
Ösüş esasan bar bolan ýataklaryň, ýagny olarda kompressor stansiýalarynyň işe girizilmegi we önümçilik guýularyň sanynyň artmagy esasynda gazanylar. (Surat: "Gazprom")

“Gazprom” kompaniýasy sowuk gyşdan soň Russiýanyň we Ýewropanyň gaz ammarlarynyň boşamagy sebäpli 2021-nji ýylda gaz önümçiligini 11,7%, ýagny 506,5 milliard kub metre çenli ýokarlandyrmakçy. Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Witaliý Markelowyň kompaniýanyň metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine salgylanyp, Russiýanyň “Kommersant” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, mundan ozal “Gazprom” 2021-nji ýylda 496,9 milliard kub metr gaz öndürmegi meýilleşdirýärdi. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde meýilleşdirilenden 6,6 milliard kub metr gaz artyk öndürilenden soňra kompaniýa önümçilik çaklamalaryny üýtgetdi.

Kompaniýanyň wekili Sergeý Menşikow bu ösüş esasan bar bolan ýataklaryň, ýagny olarda kompressor stansiýalarynyň işe girizilmegi we önümçilik guýularyň sanynyň artmagy esasynda gazanyljakdygyny aýtdy.

“Gazprom” kompaniýasynyň gazyň önümçiliginiň 2021-nji ýylda meýilleşdirilýän mukdary soňky gezek 2011-nji ýylda amala aşyryldy. Şol wagt bu görkeziji 513,2 milliard kub metre deň boldy.

2022