“Täç hil” kompaniýasy howa ys berijileriniň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täç hil” kompaniýasy howa ys berijileriniň önümçiligini ýola goýdy
Kompaniýanyň ýola goýan täze önümleri ýurdumyzda ilkinji gezek öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän “Täç hil” hususy kärhanasy täze önümleriniň, ýagny taýakly howa ys berijileriň we köpükli suwuk sabynlaryň önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň söwda toplumy tarapyndan 30-31-nji maýynda guralan sergide kompaniýanyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde kärhananyň önümleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem täze ýola goýulan önümleriň ýurdumyzda ilkinji gezek öndürilýändigini aýtdy.

Kompaniýanyň wekili, kompaniýanyň öndürýän atyrlarynyň gerimini giňeldendigini we döwrebap bezegli aýna çüýşelere gaplanan atyrlaryň 30 görnüşiniň önümçiligini ýola goýandygy barada belläp geçdi.

2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasy HALAL RC HL 17-009, ISO 22716, OHSAS 18001, ISO 9001, ISO 14001, ISO 10002 we GMP halkara sertifikatlaryna eýedir.

2022