“Lukoýl” Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Lukoýl” Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär
Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän Wladimir Filanowskiý adyndaky nebit ýatagy (Surat: “Lukoýl”)

Russiýanyň “Lukoýl” hususy nebit kompaniýasy Hazar deňzindäki türkmen-azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň prezidenti Wagit Alekperowyň Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde aýdan sözlerine salgylanyp, “Interfaks-Azerbaýjan” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Alekperow “Dostluk” taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny we Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň häzirki wagtda hökümetara şertnamany taýýarlaýandygyny belledi.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi.

Bilermenler “Dostluk” ýatagynyň ätiýaçlyk gorunyň takmynan 50 million tonna nebite barabardygyny çaklaýarlar.

“Dostluk” uglewodorod ýatagynyň serişdeleriniň 30%-niň Azerbaýjanyň we 70%-niň Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen fewral aýynyň 18-ne Aşgabatda geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022