Türkmenistanda bazar gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda bazar gatnaşyklary işjeňleşdirilýär
Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy has hem pugtalandy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda bazar gatnaşyklary işjeňleşýär, bu hem öz gezeginde ýurduň dürli pudaklaryna oňyn täsirini ýetirýär diýip, Türkmenistan boýunça ykdysady bilermen Walentin Trapeznikow “CentralAsia.news” web sahypasynda çap edilen teswirinde belleýär.

Türkmenistandaky ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlary bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan, ony kämilleşdirmekden we bütindünýä maliýe ulgamyna birikdirmekden, sanly tehnologiýalara esaslanýan bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmekden ybaratdyr diýip, ekspert belleýär.

Baha syýasatyny we sosial ýeňillikler ulgamyny kämilleşdirmek bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ugurlardyr diýip, Trapeznikow teswirinde nygtaýar. Ilatyň girdejisiniň artmagy bilen birnäçe esassyz ykdysady ýeňillikleriň saklanylmagy bazar gatnaşyklarynyň netijeli işlemegine, maddy çeşmeleriň tygşytly peýdalanylmagyna we ykdysady ösüş depginine ýaramaz täsir etdi. Şonuň üçin harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň derejesini olaryň bazar bahasyna laýyk getirmek üçin çäreler toplumy işlenip düzüldi diýip, Trapeznikow ol sözleriniň üstüni ýetirýär.

Bilermen “2023-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmek konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmeginiň ýurtda bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, ýeňillikli salgyt syýasatyny, aýratyn pul we gümrük tertiplerini öz içine alýan Türkmenistanyň “Erkin ykdysady zolaklar” hakynda Kanunynyň taýýarlanylmagynyň we kabul edilmeginiň möhüm ädim bolandygyny belleýär.

Hususylaşdyrmak prosesi we ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň kadaly ösüşi eýeçilik görnüşi boýunça ýuridiki taraplaryň strukturasynda düýpli üýtgeşmeleriň döremegine goşant goşdy. Şeýlelik bilen, 2013-nji we 2020-nji ýyllar aralygynda döwlet kärhanalarynyň paýy 22,4%-den 18,4%-e çenli azaldy, hususy kärhanalaryň paýy bolsa 65,7%-den 72,3%-e çenli ýokarlandy diýip, Walentin Trapeznikow nygtaýar.

Mundan başga-da Trapeznikow Türkmenistanda 2013–2019-njy ýyllar aralygynda 500-den gowrak desganyň hususylaşdyrylandygyny aýdýar.

Bilermeniň bellemegine görä, 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz goşantlaryny goşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary “Türkmen IT Park” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretdiler. “Türkmen IT Park” ÝGPJ kiçi we orta telekeçiligi kämilleşdirmäge, ylym, önümçilik we maýa goýujylar arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, innowasion önümleriniň halkara bazaryna çykarylmagyna we ýurtda sanly infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilendir.

Soňky ýyllarda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy has hem pugtalandy. Ýurduň telekeçileriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri taslamalar hatarynda Aşgabat-Türkmenabat awtoulag ýolunyň, Aşgabady ösdürmegiň 14-nji, 15-nji we 16-njy tapgyrlarynyň, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ugrundaky desgalaryň, Türkmenabatdaky halkara howa menziliniň we Kerki howa menziliniň gurluşygyny görkezmek bolar.

Ol şeýle hem döwlete degişli däl pudagyň bölekleýin söwdadaky üstünligi barada durup geçip, onuň 2020-nji ýylda bölekleýin söwda dolanyşygyndaky paýynyň 93,9%-e, döwlete degişli pudagyň paýynyň bolsa 6,1%-e deň bolandygyny belleýär.

Hususy telekeçiligi mundan beýläk-de kanunçylyk taýdan goldamak babatdaky meselelere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän mejlislerde yzygiderli seredilýär. Bu wezipeler raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamagy, maýa goýumyny höweslendirmegi, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmagy we paýdarlar jemgyýetlerini döretmegi, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy we döwlete degişli däl banklary döretmegi öz içine alýar. Şeýle hem Trapeznikow Türkmenistanda hususy pudak üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin ýokary okuw mekdebiniň açylmagyna garaşylýandygyny aýdýar.

Bilermeniň pikiriçe, bazar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşmegi we onuň dürli döwrebap görnüşleriniň ýüze çykmagy ýaly möhüm faktorlar bolmazdan Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl.

2022