Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy nähili amala aşyrylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy nähili amala aşyrylýar?
Oýlap tapyşa bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar we patent ýa-da çäklendirilen patent bilen tassyklanylýar.

Oýlap tapyş – oýlap tapyş derejesi we senagat taýdan ulanarlykly bolan, täze bolup durýan wezipäniň tehniki çözgüdidir. Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy babatda döwlet düzgünleşdirmesini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçiligi boýunça Döwlet gullugy bolan “Türkmenpatent” amala aşyrýar.

Oýlap tapyşa bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar we patent ýa-da çäklendirilen patent bilen tassyklanylýar. Patent ýa-da çäklendirilen patent – patent eýesiniň oýlap tapyşa bolan ilkinjiligini, awtorlygyny we aýratyn hukugyny tassyklaýan Türkmenistanyň gorag resminamasydyr. Patent seljermesi geçirilenden we oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda bellige alnandan soň oýlap tapyja patent berilýär.

Patentleşdirmek üçin haýyşnama berlen oýlap tapyşy ulanýan şahs patent ýa-da çäklendirilen patent alandan soň patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň eýesine öwez puluny töleýär, onuň möçberi taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenilýär.

Patentiň we çäklendirilen patentiň hereket ediş möhletleri:

  • Patent oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden ýigrimi ýylyň içinde we patentiň hereketiniň her bir ýyly üçin bellenilen paç tölenen şertinde hereket edýär.
  • Çäklendirilen patent oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden on ýylyň içinde we çäklendirilen patentiň hereketiniň her bir ýyly üçin bellenilen paç tölenen şertinde hereket edýär.
  • Çäklendirilen patentiň ýa-da patentiň hereket ediş ýyllarynda pajy tölemek üçin alty aý ýeňillikli möhlet berilýär.

Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereket ediş möhleti gutarandan ýa-da möhletinden öň bes edilenden soň oýlap tapyş jemgyýetçilik emlägine geçýär.

Jemgyýetçilik emlägine geçen oýlap tapyş haýsydyr bir razylyk ýa-da rugsat bolmazdan we peýdalanylandygy üçin töleg tölenmezden islendik şahs tarapyndan erkin peýdalanylyp bilner.

Çeşme: “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022