FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýokary depginde galýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýokary depginde galýar
Maý aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,7% ýokarlandy.

Dünýäde azyk önümleriniň bahalary maý aýynda geçen 10 ýylyň dowamynda iň uly aýlyk ösüş derejesini görkezdi. Bahalar yzygiderli 12 aý bäri ýokarlandy we 2011-nji ýylyň sentýabryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) resmi internet sahypasynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi maý aýynda ortaça 127,1 bala ýetip, aprel aýyndan bäri 4,8% we 2020-nji ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 39,7% ýokarlandy.

Maý aýynda FAO-nyň galla önümleriniň bahalarynyň indeksi aprel aýy bilen deňeşdirilende 6% we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36,6% ýokarlandy.

Dünýäniň iň uly şeker eksport edijisi Braziliýada ekin hasylynyň azalmak mümkinçiligi we onuň ýygymynyň yza süýşürilmegi sebäpli şekeriň bahasy 6,8% ýokarlandy.

Palma ýagynyň, soýanyň we raps çigidiniň bahasynyň galmagy esasynda FAO-nyň ösümlik ýagynyň bahasynyň indeksi maý aýynda 7,8% ýokarlandy.

Etiň bahasynyň görkezijisi aprel aýyndan bäri 2,2% ýokarlandy. Gündogar Aziýa ýurtlarynda, esasan hem, Hytaýda et önümleriniň importynyň artmagy ähli et görnüşleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Süýt önümleriniň bahalary 1,8% artyp, geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 28% ýokarlandy.

FAO 2021-nji ýylda dünýädäki galla önümçiligi boýunça ilkinji çaklamasyny hem paýlaşdy. Çaklama görä, şu ýyl dünýäde takmynan 2,821 milliard tonna galla öndüriler. Bu çaklama taryhda iň ýokary görkeziji bolup, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,9% ýokarydyr. Dünýade bugdaý önümçiliginiň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,4%, tüwi önümçiliginiň 1% ýokarlanmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022