Türkiýe Gara deňizde 135 milliard kub metr gaz goruny tapdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe Gara deňizde 135 milliard kub metr gaz goruny tapdy
“Fatih” buraw gämisi Gara deňziň “Sakarýa” ýatagynyň “Amasra-1” guýusynda tebigy gaz goruny tapdy. (Surat: "AA")

Türkiýe Gara deňziň günortasynda 135 milliard kub metr tebigy gaz goruny tapdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň anna güni aýdan sözlerine salgylanyp, Türkiýäniň “Anadolu” agentligi habar berdi.

“Biziň “Fatih” buraw gämimiz Gara deňziň “Sakarýa” ýatagynyň “Amasra-1” guýusynda 135 milliard kub metr tebigy gaz goruny tapdy” diýip, Ärdogan Gara deňziň Zonguldak welaýatynda geçirilen açylyş dabarasynyň dowamynda belledi.

Ärdogan Türkiýäniň Gara deňizdäki tebigy gaz gorunyň 540 milliard kub metre ýetendigini aýtdy. Şeýle hem ol “Amasra-1” guýusynda buraw işleriniň dowam edýändigini belläp, bu sebitden biz täze hoş habarlara garaşýarys diýdi.

Geçen ýyl Türkiýäniň “Fatih” buraw gämisi “Sakarya” ýatagynda 405 milliard kub metr tebigy gaz goruny tapdy. Bu ýurduň taryhynda iň uly tebigy gaz gorunyň açylyşy boldy.

Häzirki wagtda Türkiýäniň “Kanuni” buraw gämisi “Türkali-2” guýusynda gözleg iş synaglaryny tamamlaýar we “Fatih” gämisi “Türkali-3” guýusynda buraw işlerini amala aşyrýar. Bu guýylaryň ikisi hem “Sakarya” ýatagynda ýerleşýär.

Türkiýe 2023-nji ýylda “Sakarya” ýatagynda tebigy gaz önümçiligini başlamagy meýilleşdirýär.

2019-njy ýylda Türkiýäniň energiýa importy 41 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkiýe tebigy gazy esasan Russiýadan we Azerbaýjandan satyn alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022