Pekinde BMG-niň Durnukly ulag boýunça global maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pekinde BMG-niň Durnukly ulag boýunça global maslahaty geçiriler
Bu maslahat durnukly ulag ulgamynyň ösmegine itergi bermek üçin niýetlenendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Durnukly ulag boýunça ikinji global maslahaty 2021-nji ýylyň 14-16-njy oktýabr aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde geçiriler. Bu barada BMG-nyň web sahypasynda habar berildi.

"Durnukly ulag, durnukly ösüş" atly maslahaty onlaýn hem-de adaty görnüşde geçiriler. Bu maslahat ministrler derejesindäki forumy, tematiki mejlisleri we  başga-da birnäçe çäreleri öz içine alar.

BMG-niň web sahypasynda habar berilşi ýaly, bu maslahat durnukly ulag ulgamynyň ösmegine itergi bermek hem-de BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamasynyň we Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmek üçin niýetlenendir.

Halkara maslahat 2020-nji ýylyň maý aýynda geçirmek meýilleşdirilipdi, emma COVID-19 pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi.

BMG-niň Durnukly ulag boýunça ilkinji global maslahaty 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirildi.