Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän “Türkmen senet” hojalyk jemgyýeti dokama däl sintetik material bolan spanbondyň önümçiligini artdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, zawod eýýäm bu matanyň 3 müň tonnasyndan gowragyny öndürdi. Spanbond tehnologiýaly matalaryň önümçiliginde çig mal hökmünde hususan-da Gyýanly polimer zawodynda öndürilen polipropilen süýümi ulanylýar.
Kärhanada täze materialdan daşlyklar, hojalyk torbalary, stol örtükleri, öňlükler, aýal we çaga gigiýenasynyň serişdeleri öndürilýär. Spandbond mebel önümçiliginde hem giňden ulanylýar.
Sehde awtomatlaşdyrylan desganyň kömegi bilen söwda kärhanalarynda dürli harytlary gaplamak üçin ulanylýan ekologik pakediň aýda 300 müňe golaýy öndürilýär. Ýelimsiz berkidilen ekologik paket 100% sintetik süýümden ybarat bolup, plastik paketleriň ornuny tutýar.
Täze önümiň esasy buýrujysy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Saglyk” kärhanasydyr. Bu ýerde spandbondan bir gezeklik lukmançylyk halatlaryny, gorag örtüklerini, operasiýa otaglary üçin toplumlary çykarmagy özleşdirdiler.
Täze matany telekeçiler eýýäm Türkiýä, Hytaýa, Russiýa Federasiýasyna eksport hem etdiler.
“Türkmen senet” hojalyk jemgyýeti dokama däl mata öndürýän ýene bir desga edinmegiň hasabyna kärhananyň kuwwatyny ýokarlandyryp, önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýär.