Bütindünýä banky: 2021-nji ýylda dünýä JIÖ-siniň 5,6% ýokarlanmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bütindünýä banky: 2021-nji ýylda dünýä JIÖ-siniň 5,6% ýokarlanmagyna garaşylýar
Bütindünýä bankynyň baş binasy, Waşington, ABŞ

Dünýäde jemi içerki önüm (JIÖ) 2021-nji ýylda 5,6% artar. Bu bolsa ýanwardaky garaşylan netije bilen deňeşdirilende 1,5% ýokarydyr. Bu barada Bütindünýä bankynyň dünýä ykdysadyýetiniň geljegi (Global Economic Prospects, GEP) baradaky hasabatyna salgylanyp, “RIA Nowosti” habarlar gullugy sişenbe güni habar berdi.

Hasabata görä, bu görkeziji soňky 80 ýylda emele gelen ykdysady çökgünlikleriň arasynda iň ýokary dikeldiş derejesidir. Gazanylan ýokary derejeli görkezijä dünýädäki birnäçe iri ykdysadyýetleriň täzeden dikeldilmegi bilen ýetildi.

“Soňky 80 ýylyň dowamyndaky emele gelen ykdysady çökgünlikleriň arasynda 2021-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt dikeldiş görkezijisi bilen 5,6% ösmegine garaşylýar. Şeýle görkeziji, esasan hem birnäçe uly ýurtlaryň ykdysady işjeňliginiň güýçli depginde dikeldilmegi bilen baglanyşyklydyr” diýlip, bankyň hasabatynda aýdylýar.

Muňa garamazdan, Bütindünýä banky ösüp barýan ýurtlaryň aglabasynyň COVID-19 pandemiýasyna we onuň netijelerine garşy göreşmekde kynçylyklary başdan geçirýändiklerini belleýär.

Bütindünýä banky 2022-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň 4,3% ösmegine garaşýar. Bu bolsa ýanwar aýynda çak edilen netijeden 0,5% ýokarydyr. Bankyň çaklamalaryna görä, 2020-nji ýylda dünýä JIÖ-si 3,5% peseldi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022