“Türkmengaz” Hytaýdan alan karz serişdelerini doly gaýtardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” Hytaýdan alan karz serişdelerini doly gaýtardy
Bergileriň doly gaýtarylandygy barada Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda resmi taýdan habar berildi. (Surat: "China Daily")

“Türkmengaz” döwlet konserni Hytaý Halk Respublikasyndan çekilen karz serişdelerini doly gaýtardy. Bu karz serişdeleri Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisini gurmaga we iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin alnypdy.

Bergileriň doly gaýtarylandygy barada Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanow anna güni geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýtdy. Bu barada Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 8-nji iýunda resmi taýdan habar berlendigi hem bellendi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, görlen çäreleriň netijesinde, Türkmenistanyň öz ösüşiniň ýokary depginini, maliýe-ykdysady durnuklylygyny saklap galýandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtarmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly we gurply, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly hem-de jogapkärli çemeleşýän döwletdigini görkezýär diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurnanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý bilen gatnaşyklara ýokary baha berip, döwletimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Türkmenistan A, B hem-de C şahamçalaryndan ybarat bolan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gazy eksport edýär. Häzirki wagtda D şahamçasynyň gurluşygy hem dowam edýär. Geçen ýyl Hytaý bu gaz geçirijisi arkaly 39 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz import etdi.

Bu gaz geçirijisi 2009-njy ýylda ulanyşa girizilenden bäri Hytaý Türkmenistandan 300 milliard kub metrden gowrak gaz aldy we türkmen “mawy ýangyjyny” iri import ediji bolmagynda galýar.

2022