“Ak bulut” asma potoloklaryň 17 müň inedördül metrini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak bulut” asma potoloklaryň 17 müň inedördül metrini eksport etdi
Kärhana bir ýylda 4 million inedördül metr asma potoloklary we profilleriň dürli görnüşlerini öndürýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ak bulut” hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylyň iýun aýynyň başynda asma potoloklaryň 17 müň inedördül metrini Azerbaýjana eksport etdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana bir ýylda 4 million inedördül metr asma potoloklary, profilleriň dürli görnüşlerini we olaryň goşmaça serişdelerini öndürýär.

Şeýle hem, hojalyk jemgyýeti geljekde önümlerini Gazagystana we Özbegistana eksport etmegi meýilleşdirýär.

Bu hojalyk jemgyýeti golaýda önümleriniň hili, menejmentlik, işgärleriň hukuklary we beýleki wajyp görkezijiler boýunça halkara ISO güwanamasyny almak üçin barlaglardan üstünlikli geçmegi başardy.

 “Ak bulut” hojalyk jemgyýeti geljekde tehnologik ösüşleriň has soňky mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly, “akylly” potoloklardyr diwarlyklaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu ulgam öýüň ýa-da binanyň ulgamlaryny uzak aralykdan, sanly ulgam arkaly dolandyrmak mümkinçiligini üpjün eder.

2022