“TURKMENLINE” Türkiýe-Türkmenistan ugurlary boýunça ýük gämi hyzmatlaryna başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “TURKMENLINE” Türkiýe-Türkmenistan ugurlary boýunça ýük gämi hyzmatlaryna başlady
Kompaniýa müşderilerine iň gowy we ygtybarly hyzmatlary hödürlemegi özüne ýörelge edinýär.

Aşgabatda ýerleşýän we “TURKMENLINE” ady bilen hem tanalýan “At-abraý” hojalyk jemgyýeti derýa we deňiz ýoly möwsüminde Türkiýe-Türkmenistan ugurlary boýunça ýük gämi gatnawlaryna başlady.

"TURKMENLINE" Türkmenistandaky Türkmenbaşy, Ymamnazar, Mary we Lebap, Türkiýedäki Mersin we Stambul, Azerbaýjandaky Baku we Gruziýadaky Poti şahamçalarynyň üsti bilen Türkiýeden Türkmenistana, Türkmenistandan Merkezi Aziýa üstaşyr we göni ýük gämi gatnawlaryny guramak arkaly Türkmenistanda ilkinji resmi deňiz-derýa gatnawyny ýola goýan kompaniýadyr.

"TURKMENLINE" gämi we konteýnerler arkaly müşderilerine multimodal ýük daşamak mümkinçiligini hödürleýär. Şeýle hem "TURKMENLINE" kompaniýasy müşderileriň ýüklerini öndürijilerden almak, daşary ýurt portlarynda gämilere ýüklemek we ýükleri müşderileriň görkezen salgysyna doly eltip bermek ýaly hyzmatlary hödürleýär.

Logistika ugrunda tejribeli hünärmenler toparyna eýe bolan "TURKMENLINE" üçin esasy ýörelge öz müşderilerini hoşal etmekdir. Kompaniýa müşderilerine iň gowy we ygtybarly hyzmatlary hödürlemegi, amatly bahalar bilen gämi gatnawyny mümkin boldugyça iň gysga wagtda amala aşyrmagy özüne ýörelge edinýär. 

"TURKMENLINE" Türkmenistanda resmi deňiz-derýa gatnawlaryny amala aşyrýan ilkinji hususy kompaniýadyr.

Kompaniýa bilen şu belgiler arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

TÜRKMENISTAN

Aşgabat üçin Tel: +993 (64) 420900

Email: sales@turkmenline.com

www.turkmenline.com

TÜRKIÝE

Mersin we Stambul üçin Tel: +90 (533) 927 13 51

Email: sales@turkmenline.com.tr

2022