Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) şu ýylyň bäş aýynda 666 müň 733 tonna ýokary hilli awtomobil benzinini öndürdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 80 müň tonna köpdür.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, TNGIZT degişli döwürde suwuklandyrylan gaz öndürmek meýilnamasyny hem üstünlikli ýerine ýetirdi. Kärhana 24 müň 383 tonna suwuklandyrylan gaz öndürip, sarp edijilere ýetirdi. Bu bolsa meýilnamada göz öňünde tutulandan 8 müň 85 tonna artykdyr.
Şu ýylyň bäş aýynda TNGIZT-de düýpli gaýtadan işlemek üçin iberilen çig nebitiň mukdary 1 million 830 müň tonnadan geçdi.
Mälim bolşy ýaly, TNGIZT 2021-nji ýylyň dowamynda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çig nebiti satyn alar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde degişli Karara gol çekdi.