“Brent” nebit şertnamalarynyň bahasy 75 ABŞ dollaryna golaýlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Brent” nebit şertnamalarynyň bahasy 75 ABŞ dollaryna golaýlaýar
“Brent” nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 0,9% ýokarlanyp, bir barreli 74,68 ABŞ dollaryna barabar boldy. (Surat: "Reuters" )

Nebitiň ätiýaçlyk gorlarynyň azalmagy we oňa bolan islegiň artmagy netijesinde dünýäde nebit şertnamalarynyň bahasy çarşenbe güni ýokarlandy. Nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreliniň bahasy 75 ABŞ dollaryna golaýlady.

“CNBC”-niň habar berşi ýaly, günüň başynda “Brent” nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 69 sent ýa-da 0,9% ýokarlanyp, bir barreli 74,68 ABŞ dollaryna barabar boldy.

WTI nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 66 sent ýa-da 0,9% ýokarlanyp, bir barreli 72,78 ABŞ dollaryna ýetdi. Sişenbe güni onuň bahasy 1,7% galypdy.

ABŞ, Ýewropa we Aziýa ýurtlarynda ykdysadyýetleriň dikelmegi netijesinde indiki ýylyň ikinji ýarymynda nebite bolan islegiň COVID-19 pandemiýasyndan öňki ýagdaýa gaýdyp gelmegine garaşylýar diýip, OANDA maliýe kompaniýasynyň bazar analitigi Edward Moýa “Reuters” agentligine beren interwýusynyň dowamynda belläp geçdi.

“Reuters” agentliginiň habaryna görä, ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyk gorlary geçen hepde 8 million 500 müň barrel azaldy.

Sişenbe güni nebit söwdasy bilen meşgullanýan iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary nebitiň bir barreliniň bahalary 70 ABŞ dollaryndan ýokary bolmagyna we 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebite bolan islegiň pandemiýadan öňki derejä gelmegine garaşýandyklaryny mälim etdiler.

“Vitol” kompaniýasynyň direktory Rassel Hardiniň bellemegine görä, nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we onuň hyzmatdaşlary (OPEC+)  özleriniň nebit önümçiligine goýan çäklendirmelerini dowam etmegi netijesinde şu ýylyň dowamynda nebitiň bir barreli 70-80 ABŞ dollary aralygynda satylar.

Hat-da ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna goşulyp, Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny aýyrmagy netijesinde Tährana öz nebit önümlerini eksport etmäge mümkinçilik döremegi hem nebitiň bahalarynyň galmagyna täsir edip bilmez diýip, Rassel Hardi aýtdy.

Aprelde geçirilen mejlisde OPEC+ toparynyň dünýäde nebite bolan islegiň ýokarlanjakdygyny çaklap, maý-iýul aýlarynda onuň günlük öndürilişini tapgyrlaýyn 2 million 100 müň barrel artdyrmagy ylalaşypdylar.

2022