“Miweli Ülke” karamel süýjüleriň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Miweli Ülke” karamel süýjüleriň önümçiligini ýola goýdy
Täze önüm 12 görnüşli tagamda hödürlenýär.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Miweli Ülke” hususy kärhanasy “Hoşwagt” haryt nyşanly “Jooy” karamel süýjüleriniň önümçiligini ýola goýdy.

Täze önüm 12 sany görnüşde hödürlenip, kofe, garpyz, şetdaly, ýertudana, limon, zirk, nar, koka-kola, ananas, narpyz, alma we Tutti frutti ýaly tagmalary öz içine alýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda çarşenbe güni habar berildi.

Kärhananyň önümçilik kuwwaty sagatda 200 kilogram “Jooy” süýjülerini öndürmäge niýetlenendir. Şu ýylyň ahyryna çenli kompaniýa 300 tonna golaý süýji öndürmegi we öndürilen önümleriň bir bölegini eksport etmegi meýilleşdirýär.

Hususy kärhananyň önümçilik desgasynda “Hoşwagt” haryt nyşanly çigitler, çipsler, kofeler, mekgejöwen taýajyklary öndürilýär. Kompaniýanyň “Hoşwagt” haryt nyşanly önümleri Özbegistana, Gyrgyzystana we Owganystana eksport edilýär.

2016-njy ýylda esaslandyrylan “Miweli Ülke” hususy kärhanasy işiniň we önümleriniň görnüşini yzygiderli giňeldýär. Şeýle hem, kompaniýa özüne degişli meýdanda miwe we gök önümlerini ekip ýetişdirýär. Häzirki wagtda “Miweli Ülke” Mary welaýatynda 50 gektar meýdanda banan we sitrus miweleri ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen ýyladyşhananyň gurluşygyna başlady.