Aşgabatly telekeçi Halmyrat Mämeteminowyň kärhanasy “Ak gaýmak” haryt nyşanly doňdurmalaryň günde takmynan 150 kilogramyny öndürýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, “Ak gaýmak” haryt nyşanly önümler öz içine doňdurmanyň 15 görnüşini hem-de doňdurmadan taýýarlanan tortlary alýar. Kärhanada doňdurmanyň adaty ýagny şokolad, pisse, ýertudana, şetdaly tagamly görnüşlerinden başga-da, birnäçe üýtgeşik tagamly görnüşleri hem öndürilýär.
Telekeçi önümlerini özüniň ýöriteleşdirilen kafe dükanlarynda satýar. Häzirki wagtda şäherde bu kafe dükanlarynyň üçüsi hereket edýär.
Halmyrat Mämeteminow geljekde önümçiligini giňeltmegi, ilki bilen maldarçylyk hojalygyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu maksat bilen telekeçi ýeri kärendesine almagy göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, ýakyn wagtda “Ak gaýmak” haryt nyşanly doňdurmalary sargyt etmek arkaly öýe getirtmek mümkinçiligi hem dörediler.