Daşoguzyň “Çeper” tikin fabrigi 5,3 million manatlykdan gowrak önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň “Çeper” tikin fabrigi 5,3 million manatlykdan gowrak önüm öndürdi
Häzirki wagtda fabrikde 200-e golaý görnüşli tikin önümleri öndürilýär we olaryň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki “Çeper” tikin fabrigi şu ýylyň başyndan bäri 5 million 355 müň manatlykdan gowrak önüm öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Häzirki wagtda fabrikde 200-e golaý görnüşli tikin önümleri öndürilýär we olaryň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna görä fabrikde öndürilen tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy.

Bu ýerde tikilýän çagalar üçin egin-eşikler, dürli möçberdäki ýorgan-düşekler ilat arasynda ýokary isleg bildirilýär. Fabrigiň bölek satuw üçin taýýarlanylýan täze biçüwdäki, bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri Dokma senagaty ministrliginiň welaýatyň çäginde ýerleşýän ýörite dükanlary arkaly ilata ýetirilýär.

“Çeper” tikin fabriginde ýokary öndürijilikli tikin maşynlar hem-de Türkiýede, Hytaýda, Ýaponiýada, Germaniýada öndürilen enjamlar ornaşdyrylandyr. Geçen ýyl fabrikde okuwçylar üçin torbalaryň we agyz-burun örtükleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022