Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Atamyrat Jumakulyýewe degişli bolan önümçilik kärhanasynyň kuwwaty her aýda “BAT” haryt nyşanly joraplaryň 100-120 müň jübüdini öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, önümçilik kärhanasynda Hytaýyň we Italiýanyň enjamlary ornaşdyrylyp, ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda ýola goýuldy.
Kärhana galyň hem ýuka, dürli ölçegdäki, çagalaryň we ulularyň ýaş tapawutlary göz öňünde tutulyp taýýarlanylýan, erkeklere we zenanlara niýetlenen uzyn we gysga görnüşli joraplary öndürýär.
“BAT” haryt nyşanly önümleriň düzüminiň 75%-i arassa pagta ýüplügidir. Şeýle-de çig mal hökmünde spandeks, elastan ýaly elastik maddalar hem ulanylýar.
2017-nji ýylda esaslandyrylan kärhanada häzirki wagtda 40-a golaý hünärmen zähmet çekýär.