“Döwletli dokmaçy” kärhanasynda aýda 35 müň metre golaý mata dokalýar

BUSINESS TURKMENISTAN
“Döwletli dokmaçy” kärhanasynda aýda 35 müň metre golaý mata dokalýar
Kärhanada nah we içlik matalaryň dürli görnüşleri öndürilýär.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän “Döwletli dokmaçy” hususy kärhanasynda her aýda jemi 30-35 müň metr mata dokalýar. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada Hytaýdan getirilen enjamlar ornaşdyrylyp, nah we içlik matalaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig maly ulanylýar. Öndürilýän önümler paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky  bazarlara, söwda nokatlaryna we dükanlara ugradylýar.

2018-nji ýylda döredilen “Döwletli dokmaçy” hususy kärhanasynda häzirki wagtda 30-a golaý hünärmen zähmet çekýär. Kärhana geljekde sargytlar esasynda önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy we ýüplük öndürmegi hem göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy böleginde 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda egin-eşik we trikotaž önümçiligi 2,7% we ýüpek matalaryň önümçiligi 2,2% ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022