CNPC Hytaýyň iň uly slanes nebit ýatagyny tapdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
CNPC Hytaýyň iň uly slanes nebit ýatagyny tapdy
Bu slanes nebit ýatagy CNPC-niň “Changqing Oilfield Co” golçur kompaniýasy tarapyndan tapyldy. (Surat: "China Daily")

Hytaýyň milli nebit-gaz  korporasiýasy (CNPC) ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Gansu welaýatynyň Ordos nebit ýatagynda takmynan 1 milliard tonna slanes nebit goruny tapdy. Bu barada CNPC kompaniýasynyň sosial ulgamyndaky bildirişe esaslanyp, ýurduň “Global Times” neşirýaty ýekşenbe güni habar berdi. Maglumata görä, bu ýurtdaky iň uly slanes nebit ýatagydyr.

Bu slanes nebit ýatagy, soňky üç ýylda birnäçe möhüm nebit-gaz gorlarynyň üstüni açan CNPC-niň “Changqing Oilfield Co” golçur kompaniýasy tarapyndan tapyldy. Bu kompaniýa 2019-njy ýylda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Gansu welaýatynyň Singçeng sebitinde 359 million tonna slanes ýatagyny tapypdy.

Kompaniýa gözleg işlerini giňeldip, 2020-nji ýylda 143 million tonna we 2021-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 550 million tonna nebit gorlarynyň üstüni açdy.

Şeýle hem CNPC şenbe güni kompaniýanyň Tarim ýatagynda bir milliard tonna nebit-gaz goruny tapandygyny mälim etdi. CNPC bu nebit-gaz ýatagynyň 2025-nji ýyla çenli her ýylda 4 million tonna nebit we 1 milliard 400 million kub metr tebigy gaz öndürip biljekdigini çaklaýar.

Baş binasy Pekinde ýerleşýän CNPC Hytaýyň esasy milli nebit-gaz korporasiýasy we dünýäniň iň uly energiýa kompaniýalarynyň biridir. Girdejileri boýunça dünýäde iň uly korporasiýalaryň global reýtingini düzýän “Fortune Global 500”-iň sanawynda CNPC kompaniýasy 2020-nji ýylda dördünji orny eýeledi.

2022