Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Maksada okgunly” hususy kärhanasy hindi towuklarynyň etinden taýýarlanýan önümleri 57 görnüşe çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda çarşenbe güni habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, hususy guşçulyk toplumyň umumy meýdany 23 gektara barabar bolup, ol ýerde ýylda 4 müň 800 tonnadan gowrak hindi towugynyň etinden taýýarlanan önümler öndürilýär.
Kärhananyň meýdany dört bölege bölünip, meýdançalar inkubatorlary, hindi towuklarynyň keteklerini, weterinariýa jaýlaryny we ýörite iýmit ösdürilip ýetişdirilýän ýerleri öz içine alýar.
Guşçulyk fermasynda Belgiýa, Germaniýa, Fransiýa we Türkiýe döwletlerinde öndürilen enjamlar ornaşdyryldy. Enjamlaryň işe girizilmegi bilen 350 sany täze iş orny döredildi.
2015-nji ýylda esaslandyrylan “Maksada okgunly” HK Türkmenistanda hindi towugynyň önümçiligi bilen meşgullanyp başlan ilkinji kärhanadyr. Kompaniýanyň önümleri Türkmenistandaky iri söwda nokatlarynda satylýar.
“Maksada okgunly” HK ýakyn wagtda hindi towugynyň etini satýan ýöriteleşdirilen dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem kärhanada türkmen hindi towuk etiniň önümlerini eksport etmek üçin işler alnyp barylýar.