Russiýada bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy $41,3 bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýada bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy $41,3 bolar
Täze nyrhnamalar üýtgewsizligi bir hepde dowam eder. (Surat: RIA)

Russiýada 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyndan başlap bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy 41,3 ABŞ dollaryna barabar bolar. Bu barada Russiýanyň Oba-hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi anna güni habar berdi. Bir hepde öň bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy 33,3 ABŞ dollardyna deňdi.

Habarda bellenilişi ýaly, arpa üçin eksport pajynyň bahasy üýtgemän, bir tonnasy üçin 39,6 ABŞ dollarlygyna galar. Mekgejöweniň eksport pajynyň bahasy ýokarlanyp, 50,5 ABŞ dollaryna çenli ýetdi. Onuň öňki bahasy 50,2 ABŞ dollaryna barabardy.

Täze nyrhnamalar üýtgewsizligi bir hepde dowam eder. Nyrhnamalar bugdaýyň, arpanyň, mekgejöweniň görkeziji bahalaryna esaslanyp hasaplanýar. Şeýlelikde bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 259,1 ABŞ dollaryna (öňki salgyt bahasy 254,5 ABŞ dollary), arpanyň bahasy - 241,7 ABŞ dollary (üýtgewsiz), mekgejöwen üçin - 257,2 ABŞ dollaryna (öňki bahasy 256,8 ABŞ dollary) deň boldy.

Russiýa 2-nji iýundan başlap bugdaý, mekgejöwen we arpa eksport paçlarynyň bahalarynyň üýtgäp durmagyny göz öňünde tutýan däne önümleriniň “demfer” mehanizmini ornaşdyrdy. Rus hökümeti eksport paçlaryndan ýygnalan serişdeleri oba-hojalyk öndürijilerine subsidiýa bermegi üpjün etmek üçin bu mehanizmi ulanýar. Paçlaryň nyrhlary Moskwanyň biržasynda hasaba alnan eksport şertnamalaryna esaslanýan baha görkezijilerine görä her hepde hasaplanýar.

Goşmaça paçlar girizilmezinden öň bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy 50 ýewra, mekgejöwen – 25 ýewra, arpa – 10 ýewra barabardy.