“Ak Gap” ýylda 700 milliona golaý plastmassa önümlerini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak Gap” ýylda 700 milliona golaý plastmassa önümlerini öndürýär
“Arçаlyk”, “Ýüpekçi”, “MAHMAL ZIP”, “Tolkun”, “Galkyn”, “Kristal”, “Akar” ýaly kärhanalar “Ak Gap” kompaniýasynyň preformalaryny ulanýarlar.

“Ak Gap” hojalyk jemgyýeti ýylda 500 million polietilen tereftalat gaplama önümlerini (PET preforma) we 200 milliona golaý polietilen gapaklaryny sarp edijilere iberýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýerli haryt öndürijiler PET preformy azyk senagatynda, esasan hem, gazlandyrylan alkogolsyz içgileri, süýt önümlerini, dürli miwe şirelerini, ösümlik ýaglaryny gaplamak üçin ulanýarlar.

“Arçаlyk”, “Ýüpekçi”, “MAHMAL ZIP”, “Tolkun”, “Galkyn”, “Kristal”, “Akar” ýaly kärhanalar kompaniýanyň preformalaryny ulanýarlar. Mundan başga-da, “Ak Gap” eýýäm birnäçe ýyl bäri “Тürkmenistan Coca Cola Bottlers” hojalyk jemgyýeti üçin preformalary resmi üpjün edijisi bolup durýar.

2007-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabadyň “Ak Gap” kompaniýasy Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup plastmassa gaplaryny öndürmegi özleşdirdi. Şeýle hem, kompaniýa milli hem-de halkara kadalaryna we standartlaryna laýyk gelýän polietilen gapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy.

Ýakynda kompaniýa “Täze Zaman” ýaşaýyş toplumynyň töwereginde täze önümçilik desgalaryny gurdy. Kärhananyň önümçilik kuwwaty döredilen gününden bäri umuman on esse ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022