Gyrgyzystana $28,5 millionlyk türkmen önümleri iberiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystana $28,5 millionlyk türkmen önümleri iberiler
Aşgabatda türkmen-gyrgyz ykdysady forumy gecirildi. (Surat: Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet sahypasy)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) we Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (KSTB) agzalary ýekşenbe güni Gyrgyzystana türkmen önümlerini ibermek üçin bahasy 28 million 575 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan şertnamalara onlaýn görnüşde gol çekdiler.

Resminamalara Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäginde gol çekildi. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berildi.

Prezident Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyzystanyň ýokary derejeli wekiliýeti türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumdan öň wekiliýet Türkmenistanyň eksport önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň we TSTB-nyň agza kompaniýalarynyň harytlary görkezildi.

Şeýle hem foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň ýokary derejeli hökümet agzalary we TSTB-nyň agza işewürleri gatnaşdy.

TSTB we KSTB agzalary bahasy 28 million 575 müň ABŞ dollardan gowrak santehnika enjamlaryny, turba önümlerini, pomidory, konditer önümlerini Gyrgyzystana ibermek boýunça 13 sany şertnamany, şeýle hem aýakgap we azyk önümlerini ugratmak bilen bagly teswirnamalary öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

Forumda TSTB-nyň agzalary oba hojalyk pudagynda gök önümleri we miweleri ýetişdirmekde, ekerançylyk we maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemekde, içerki azyk senagatyny ösdürmekde, sarp ediş harytlarynyň, şol sanda hojalyk tehnikalarynyň we elektronika enjamlarynyň öndürilmegini ýokarlandyrmakda köp sanly mümkinçilikleri hödürledi.