Ýewropada gazyň bahasy $400-den geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropada gazyň bahasy $400-den geçdi
Iýul aýy üçin tebigy gazyň şertnamalarynyň bahasy 414 ABŞ dollaryna barabar boldy. (Surat: BP)

Ýewropada gazyň 1 müň kub metriniň bahasy 400 ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada “Interfaks” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýagdaý iýul aýynda “Gazprom” kompaniýasynyň esasy gaz geçiriji ulgamlarynda meýilleşdirilen abatlaýyş işleri bilen baglanyşyklydyr. 

Şeýlelik bilen, “ICE Futures” biržasynda TTF indeksine görä iýul aýy üçin tebigy gazyň 1 müň kub metri üçin şertnamalarynyň bahasy duşenbe güni 398 ABŞ dollaryna barabar boldy. Sişenbe güni bolsa söwdalar 401 ABŞ dollary bahasy bilen açyldy.

Söwdalar tamamlanandan soňra, iýul aýy üçin tebigy gazyň şertnamalarynyň bahasy 409 ABŞ dollaryna ýetdi we netijeler yglan edilenden soňra 414 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Her ýylda ýerine ýetirilýän abatlaýyş işlerini şu ýyl “Demirgazyk akym” gaz geçirijisinde 13-23-nji iýul aralygynda, “Ýamal-Ýewropa” gaz geçirijisinde bolsa 6-10-njy iýul aralygynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022