Türkmenistanyň biržasynda $24 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $24 milliondan gowrak söwda boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 24 million 168 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Owganystanyň we Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de polipropileni, Gonkongyň we Singapuryň telekeçileri bolsa degişlilikde polietileni we tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjanyň wekillerine daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri hem-de nah ýüplügi ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 5 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin portland sementini satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 50 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

2022