Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) şenbe gününden başlap bir gezeklik ulanylýan gap-gaçlar ýaly plastmassa önümleriniň önümçiligi we importy gadagan edildi. Bu barada Ýewropa Kommisiýasynyň resmi “Twitter” hasabynda mälim edildi.
ÝB-niň 2019-njy ýylda kabul edilen bir gezeklik plastmassa önümleri boýunça direktiwasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 3-nji iýulyndan başlap ähli ÝB agza ýurtlarynda plastik tarelkalary, çarşaklary, pyçaklary, stakanlary, pamykly taýajyklary ýaly bir gezeklik ulanylýan önümleriň bazara çykarylmagy we olaryň öndürilmegi gadagan edildi.
Şeýle hem, ÝB-de polistiroldan ýasalan iýmit we içgi gutularyny öndürmek we import etmek hem gadagan edildi. Täze kanun ornuny tutup bolýan bir gezeklik plastmassa önümleriniň ulanylyşyny azaltmagy maksat edinýär.
Mundan başga-da, degişli resminama görä, ÝB ýurtlarynda bir gezeklik ulanylýan plastik torbalar, çüýşeler, içgi we iýmit gaplary, arassaçylyk önümleri, çygly süpürgiçler we beýleki plastmassa önümleriň ulanylmagy çäklendirilmelidir.
ÝB-niň beýanyna görä, deňizlerdäki zyňyndylaryň 80% -i plastik önümlerden ybaratdyr. ÝB plastik önümleriniň gaýtadan ulanmagyny we gaýtadan işlemegini ýola goýmagy maksat edinýär.