ÝB-de bir gezeklik plastmassa gap-gaçlarynyň önümçiligi gadagan edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB-de bir gezeklik plastmassa gap-gaçlarynyň önümçiligi gadagan edildi
ÝB agza ýurtlarynda plastik stakanlary ýaly bir gezeklik ulanylýan önümleriň bazara çykarylmagy we olaryň öndürilmegi gadagan edildi.

Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) şenbe gününden başlap bir gezeklik ulanylýan gap-gaçlar ýaly plastmassa önümleriniň önümçiligi we importy gadagan edildi. Bu barada Ýewropa Kommisiýasynyň resmi “Twitter” hasabynda mälim edildi.

ÝB-niň 2019-njy ýylda kabul edilen bir gezeklik plastmassa önümleri boýunça direktiwasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 3-nji iýulyndan başlap ähli ÝB agza ýurtlarynda plastik tarelkalary, çarşaklary, pyçaklary, stakanlary, pamykly taýajyklary ýaly bir gezeklik ulanylýan önümleriň bazara çykarylmagy we olaryň öndürilmegi gadagan edildi.

Şeýle hem, ÝB-de polistiroldan ýasalan iýmit we içgi gutularyny öndürmek we import etmek hem gadagan edildi. Täze kanun ornuny tutup bolýan bir gezeklik plastmassa önümleriniň ulanylyşyny azaltmagy maksat edinýär.

Mundan başga-da, degişli resminama görä, ÝB ýurtlarynda bir gezeklik ulanylýan plastik torbalar, çüýşeler, içgi we iýmit gaplary, arassaçylyk önümleri, çygly süpürgiçler we beýleki plastmassa önümleriň ulanylmagy çäklendirilmelidir.

ÝB-niň beýanyna görä, deňizlerdäki zyňyndylaryň 80% -i plastik önümlerden ybaratdyr. ÝB plastik önümleriniň gaýtadan ulanmagyny we gaýtadan işlemegini ýola goýmagy maksat edinýär.

2022