Garabogaz aýlagyny Hazar deňzi bilen birleşdirýän akabanyň üstünden täze awtomobil köprüsi gurlar we oňa barýan ýoluň durky täzelener.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berýär.
Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz akabanyň üstünden geçýän awtomobil köprüsine gelip, ulag desgasynyň ýagdaýy hem-de aýlagyň şahasy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigini yglan etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz akabanyň üstünden täze köpriniň hem-de oňa barýan ýoluň durkunyň täzelenmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistiki hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini giňeltmäge hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder diýip belledi.
Habarda bellenilişi ýaly, köprä barýan ýol ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna biriger hem-de bu köpri Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler.
Mundan başga-da, milli Liderimiz daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orny eýeleýän Balkan welaýatynda üstaşyr ulag geçelgesiniň geçirijilik ukybynyň yzygiderli artdyrylýandygyny belläp, degişli ýolbaşçylara Jebel şäherçesiniň golaýyndaky Halkara howa menziliniň gurluşygynyň taslamasyny çalt işläp taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi.