“Agaýana” DSP-ni eksport edip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Agaýana” DSP-ni eksport edip başlady
Kärhananyň kuwwaty ýylda 20 müň kub metr DSP öndürmäge niýetlenendir.

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde gurluşyk serişdelerini öndürýän “Agaýana” hususy kärhanasy häzirki wagtda önümleriniň eksportyny ýola goýdy. Azerbaýjan, Özbegistan ýaly döwletler bu kärhananyň önümlerine uly isleg bildirýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Ýerli çig mallary peýdalanmagyň hasabyna gurluşykda, hojalyk şertlerinde we beýlekilerde giňden ulanylýan DSP kärhananyň esasy önümidir. Bu önümçilikde hünärmenler hasyly alnan gowaça çöpüniň galyndylaryny hem-de agaç gyryndylaryny giňden peýdalanýarlar. Bu usul önümiň elýeterli bolmagyna we goşmaça girdeji gazanmaga mümkinçilik berýär.

Kärhananyň kuwwaty ýylda 20 müň kub metr DSP öndürmäge niýetlenendir. Önümçilikde Hytaý, Türkiýe, Eýran ýaly döwletleriň döwrebap enjamlary ulanylýar. Bu enjamlaryň kömegi bilen gowaça çöpi we agaç gyryndylary owradylýar, üwelýär hem-de ýelim bilen garylyp, dykyzlandyrylýar. Soňra degişli bölümlerden geçirilip, guradylan taýýar önümler gerek ölçeglerde kesilýär.

Öndürilýän DSP-leriň ölçegi 1,83 – 2,75 metr bolup, galyňlygy 8 millimetrden 24 millimetre çenlidir.

2022