Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod 198 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod 198 million manatlyk önüm öndürdi
Ýanwar – iýun aýlarynda zawodda bir gije-gündizde EСО-93 kysymly benziniň 1 müň 800 tonnasy öndürildi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän tebigy gazdan benzin öndürýän zawody ýanwar – iýun aýlarynda 197 million 576 müň 661 manatlyk önüm öndürdi.

Gazdan benzin öndürýän dünýädäki bu ilkinji gazhimiýa zawodynyň bu görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 172% ýokarlandy. Zawodyň esasy önümi EСО-93 kysymly benzindir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde zawodda bir gije-gündizde EСО-93 kysymly benziniň 1 müň 800 tonnasy öndürildi hem-de ýokary hil we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän bu önüm baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberildi.

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod 2019-njy ýylda gurlup ulanmaga berildi. Kärhananyň ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022