OPEC+ ýurtlary nebit önümçiligini artdyrmagy ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
OPEC+ ýurtlary nebit önümçiligini artdyrmagy ylalaşdylar
OPEC+ topary 2021-nji ýylyň awgust aýyndan başlap günlük nebit önümçiligini her aýda 400 müň barrel artdyryp, dekabra çenli günlük önümçiligini jemi 2 million barrel ýokarlandyrar. (Surat: ''Saudi Aramco'')

OPEC+ ýurtlarynyň ministrleriniň ýekşenbe güni geçirilen mejlisinde dünýä ykdysadyýetiniň koronawirus pandemiýasyndan soňra dikelmegi netijesinde iki ýarym ýylyň dowamynda iň ýokary derejä ýeten nebit bahalaryny düşürmek üçin awgust aýyndan nebit önümçiligini artdyrmak barada ylalaşyldy. Bu barada “Reuters“ agentligi habar berýär.

OPEC ýurtlaryny we Russiýa ýaly beýleki öňdebaryjy nebit öndürijilerini öz içine alýan bu topar geçen ýyl pandemiýa sebäpli nebite bolan islegiň peselmegi we bahalaryň aşa düşmegi sebäpli günlük önümçiligini 10 million barrel azaltdy. Ondan bäri topar önümçiligini tapgyrlaýyn ýokarlandyrdy. Häzirki wagtda onuň kemelden günlük nebit önümçiligi 5 million 800 müň barrele deňdir.

OPEC-iň metbugat beýanatyna görä, topar 2021-nji ýylyň awgust aýyndan başlap günlük nebit önümçiligini her aýda 400 müň barrel artdyryp, dekabra çenli günlük önümçiligini jemi 2 million barrel ýokarlandyrar.

OPEC+ toparynyň ministrleri koronawirusyň täze görnüşleriniň ýüze çykmak ähtimallygynyň dünýäniň ykdysady dikelişine täsir edip biljekdigini göz öňünde tutup, umumy şertnamany 2022-nji ýylyň aprelinden, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltmak barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ministrler Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystan, Russiýa, Kuweýt we Yrak ýaly birnäçe OPEC+ döwletleri üçin 2022-nji ýylyň maý aýyndan başlap nebit önümçiligi üçin täze kwotalary goýmak boýunça ylalaşdylar.

OPEC+ toparynyň baglaşan täze ylalaşygy netijesinde dünýäde nebitiň bahalary düşdi. Duşenbe gününiň başynda “Brent” nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 2,01 ABŞ dollary ýa-da 2,7% peselip, bir barreli 71,58 ABŞ dollaryna barabar boldy. WTI nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 2,06 ABŞ dollary ýa-da 2,8% düşüp, bir barreli 69,75 ABŞ dollaryna ýetdi. 

2022