Dünýäde nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär
“Brent” nebitiniň bahasy 27 sent ýa-da 0,4% galyp, bir barreli 72,50 ABŞ dollaryna barabar boldy. (Surat: AP)

Dünýäde nebitiň bahalary penşenbe güni ýokarlandy. “Gara altynyň” bahalary mundan ozalky birža söwdalarynda hem galypdy we onuň yzygiderli artmagyna dünýäde ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerinden saplanmaga dowam etmegine garamazdan, nebit önümçiliginiň ýylyň ahyryna çenli çäkli bolup galmak ähtimallygy sebäp boldy. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Günüň başynda “Brent” nebitiniň bahasy 27 sent ýa-da 0,4% galyp, bir barreli 72,50 ABŞ dollaryna barabar boldy. Çarşenbe gününde geçirilen birža söwdalarynda onuň bahasy 4,2% ýokarlanypdy. WTI nebitiniň bahasy 33 sent ýa-da 0,5% galyp, bir barreli 70,63 ABŞ dollaryna deň boldy. Çarşenbe güni onuň bahasy 4,6% galypdy.

Bu hepde nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we onuň hyzmatdaşlary (OPEC+) nebit bahalaryny düşürmek we barha artýan islegi kanagatlandyrmak üçin awgust-dekabr aýlarynda günlük nebit önümçiligini her aýda 400 müň barrel artdyrmagy barada ylalaşdylar.

“Morgan Stanley” amerikan bankynyň bellemegine görä, nebite bolan isleg 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda hem onuň önümçiliginden has ýokary bolup, ýylyň ahyryna çenli “Brent” nebitiniň bir barreliniň 70 ABŞ dollary töwereginde saklanylmagyna sebäp bolar.

ABŞ-nyň Energetika maglumatlary edarasynyň (EIA) maglumatlaryna görä, dünýäniň iň köp nebit sarp edijisi bolan ABŞ-da nebit ätiýaçlyk gorlary geçen hepde maý aýyndan bäri ilkinji gezek garaşylmadyk ýagdaýda 2 million 100 müň barrel artyp, 439 million 700 müň barrele ýetdi.

2022