Bäherdende keramiki-bezeg plitalaryny we faýans önümlerini öndürýän zawod açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bäherdende keramiki-bezeg plitalaryny we faýans önümlerini öndürýän zawod açylar
Keramiki-bezeg plitalarynyň, faýans önümleriniň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde kaolin önümi giňden ulanylýar.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny, faýans önümlerini öndürýän zawody gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda wise-premýer Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda bu zawodyň gurluşygy barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Wise-premýer keramiki-bezeg plitalarynyň, faýans önümleriniň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde kaolin önüminiň giňden ulanylýandygyny nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň taslama kuwwatyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna ady agzalan önümhananyň durkuny täzelemek hem-de bilelikdäki açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär.

Şol kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi hem-de durkunyň täzelenilmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän çig mal üçin harç edilýän serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer diýip, Çarymyrat Purçekow öz hasabatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk senagatynyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islege eýe bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň möhümdigini belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

2022