Bereket etrabyndaky kärhanada 8 million manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bereket etrabyndaky kärhanada 8 million manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürildi
Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli bolan bu kärhananyň işiniň ösüş depgini 141%-e deň boldy.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky tikin kärhanasynda 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 271 müň 831 sany tikin önümleri öndürildi. Önümleriň pul hasabyndaky möçberi 8 million 372 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar berşi ýaly, Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli bolan bu kärhananyň işiniň ösüş depgini 141%-e deň boldy.

2011-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhanada Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman ülňülere laýyk gelýän enjamlary ornaşdyrylandyr.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň 80-den gowragy girýär. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 55%-den gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär.

2022